Tesla-nyň Ýewropadaky ilkinji zawody Berliniň golaýynda açyldy

  • 25.03.2022 15:11
  • 10k+

Tesla amerikan kompaniýasynyň Ýewropanyň çägindäki ilkinji zawody Berliniň golaýyndaky Grýunhaýde ilat nokadynda resmi taýdan açyldy. “Die Zeit” neşiriniň ýazmagyna görä, alyjylar ol ýerde öndürilen ilkinji 30 awtomobili aldylar diýip, TASS belleýär.

Açylyş dabarasyna GFR-iň kansleri Olaf Şols, Ykdysadyýet ministri Robert Habek, şeýle-de Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask gatnaşdy. Täze zawod 12 müň iş ornuny döreder, kompaniýa ol ýerde ýylda 500 müňe çenli awtomobil öndürmegi meýilleşdirýär.
Mask täze zawody gurmak meýilnamasy barada 2019-njy ýylyň noýabr aýynda habar berdi. Täze zawod “Gigafactory 4” adyny aldy. Ýewropadaky täze obýektlerde akkumulýator batareýalary, güýç gurluşlary öndüriler, şeýle-de ol ýerde Tesla Model 3 sedany we Tesla Model Y ykjam krossoweri ýygnalar. 
Mask Tesla kompaniýasyny 2003-nji ýylda esaslandyrdy. Onuň ştab-kwartirasy Kaliforniýa ştatynyň Palo-Alto şäherinde ýerleşýär. Ilkibaşda kompaniýa diňe elektromobil önümçiligine ýöriteleşdirildi, ýöne soňrak Gün batareýalaryny we beýleki energiýa saklaýyş ulgamlaryny döretmek bilen meşgullanyp başlady. 


düýn 18:36
3.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.5k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......