Türkmen biržasynda ABŞ-nyň 219,5 million dollaryk 86 geleşik baglaşyldy

  • 22.03.2022 11:58
  • 6.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 219 million 229 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we EKO kysymly awtobenzini satyn aldylar. 
Bulardan başga-da, Türkiýäniň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümlerini, nah ýüplügini satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewürleri umumy bahasy 4 million 263 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 21 million 31 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.


düýn 22:54
623

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......