Ýaponiýa pandemiýa sebäpli girizilen ýurda giriş üçin gündelik çägi 10 müň adama çenli artdyrar

  • 19.03.2022 17:26
  • 7.2k+

Ýaponiýanyň häkimiýetleri aprel aýyndan koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäreleriň çäginde hereket edýän ýurda giriş üçin gündelik çägi artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Häzirki wagtda Ýaponiýa girýänleriň sany 7 müň adamdan geçmeli däl. Indiki aýdan başlap, bu çägiň 10 müňe çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Ilkinji nobatda, ýapon tarapy ýurda gelýän daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda 152 müň töweregi daşary ýurtly talyp Ýaponiýanyň talyp wizasyny alandygyna garamazdan, hereket edýän koronawirus çäklendirmeleri sebäpli ýurda girip bilmeýär.

Ýaponiýada koronawirus ştammlarynyň ýaýramagy sebäpli 2020-nji ýylyň 28-nji dekabryndan dünýäniň ähli döwletleriniň we sebitleriniň raýatlaryna täze wizalary bermek gadagan edildi. Çäreler geçen ýylyň noýabr aýynda gysga wagtlyk gowşadyldy, ýöne omikron ştammynyň ýaýramagy sebäpli olar ýene güýçlendirildi. Mart aýyndan Ýaponiýa täze wizalary ýene bermäge başlady.

Ýurtda koronawirus bilen bagly ýagdaý durnuklaşdy we kesel hadysalarynyň gündelik köpelme görkezijisi peselýär. Soňky bir günde Ýaponiýada, takmynan, 57 müň koronawirus hadysasy ýüze çykaryldy, 188 adam ýogaldy. 


24.06.2025 18:48
8.1k+

Ýaponiýadaky Fudzi dagyna rezin tigirli üýtgeşik tramwaý goýberilýär

Ýaponiýanyň Ýamanasi prefekturasynda adaty asfalt ýollardan hereket etjek rezin tigirli üýtgeşik tramwaýy işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Ýöne onuň hereketi magnit markerleriniň ulgamy bilen çäklendiriler. The Asahi Shimbun neşiriniň habar bermegine görä, täze ulag görnüşi Fudzi dagyna barýan alpinistler we syýahatçylar üçin niýetlenýär...

30.04.2025 14:08
14k+

Hytaýly talyby 4 günüň dowamynda iki gezek halas etmeli boldy: ol Fudzi dagynda telefonyny gözleýärdi

Ýaponiýada ýaşaýan 27 ýaşly hytaýly talyp 4 günüň dowamynda Fudzi dagynyň gerşlerinden iki gezek halas edildi. Ýaş ýigit ýitiren smartfonyny gözläp, daga dolanyp barypdyr diýip, «BBC» habar berýär. Ilkinji gezek 22-nji aprelde ony dagyň, takmynan, 3000 metr belentligindäki ýodadan dikuçar bilen alyp gaýtdylar...

17.04.2025 22:18
2.2k+

Ýaponiýadaky howa menziliniň ady wagtlaýyn «Hello Kitty» diýlip üýtgedildi

Ýaponiýanyň Kunisaki şäherinde alty aýlap «Oita Hello Kitty howa menzili» diýlip atlandyryljak täze howa menzili açyldy. Bu barada Sanrio Entertainment kompaniýasy «PR Times» portaly arkaly habar berdi. Bu üýtgeşme Oita prefekturasynyň 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda Osakada geçiriljek «EKSPО — 2025» sergisine gatnaşmagy bilen baglanyşyklydyr...

19.03.2025 12:14
4.3k+

Ýaponiýada syýahatçylary azaltmak üçin Fudzi dagyna çykmak tölegli bolar

2025-nji ýylyň iýul aýyndan sentýabr aýy aralygynda Ýaponiýada dört esasy ugur boýunça Fudzi dagyna çykmak üçin 4000 ýena (takmynan, ABŞ-nyň 26 dollary) möçberinde töleg giriziler. Ozal töleg diňe Ýosida ýodasynda...