Türk işewüri Baýrak «Çelsini» satyn almak isleýär

  • 07.03.2022 08:38
  • 10k+

Türk işewüri Muhsin Baýrak «Çelsi» iňlis futbol klubyny satyn almak baradaky teklibini hödürledi. Geçen hepde Roman Abramowiç kluby toparyň haýyr-sahawat gaznasyna esewan bolujylaryň dolandyrmagyna geçiripdi. 

"Hawa, biz bu maglumaty tassyklaýarys. Biziň teklibimiz ugradyldy" - diýip, işewüriň wekili bolan The Guardian habar berýär.

Gazet çeşmeleriniň habar bermegine görä, "Çelsi" bilen "on töwerek gyzyklanýan taraplaryň" bolmagy mümkin. Şweýsar işewüri Haýsýorg Wissiň hem kluby satyn aljagyna ynamy bar diýip,  The Guardian tassyklaýar.
Abramowiç "Çelsini" 2003 ýylda 140 mln funt sterlinge satyn alypdy. Häzire çenli London kluby  iňlis premýer-ligasynyň (АПЛ) bäş gezek çempiony boldy, Liga çempiony we Liga ýewropany hersini iki gezekden utdy, bäş gezek Angliýanyň Kubogyny, üç sapar Iňlis ligasynyň kubogyny eýeledi. "Çelsi" fewralda klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldular.
"Çelsi" Angliýanyň premýer-ligasynyň häzirki möwsüminiň turnir tablisasynda 25 tapgyrdan soň, 50 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......