BMG ýakyn ýyllarda planetanyň plastikler bilen hapalanmagyny gadagan eder

  • 06.03.2022 08:01
  • 8.9k+

BMG-niň  Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Keniýanyň paýtagty Naýrobide geçýän assambleýasy (ЮНЕП) rezolýusiýa kabul edip, onda geljek birnäçe ýylyň dowamynda daşky gurşawy plastikler we olaryň galyndylary bilen  hapalamagy gadagan etmegi maksat edinýär. Bu barada çarşenbe güni ýerli ENCA täzelikler teleýaýlymy habar berdi.

"Biz taryhy ädim ätdik" - diýip, bu resminama kabul edilenden soň, ÝUNEP assambleýasynyň prezidenti, Norwegiýanyň klimat we daşky gurşaw meseleleri boýunça ministri Espen Bart Eýde yglan etdi. Ol daşky gurşawyň plastik bilen hapalanmagy planetanyň biodürlüligine howp döredýär diýip nygtady.

Kabul edilen rezolýusiýa 2024-nji ýyla çenli plastik bilen hapalamalary gadagan etmek hakyndaky ýuridiki taýdan borçlandyrýan halkara şertnamany taýýarlajak hökümetara gepleşikler komitetini döretmegi göz öňünde tutýar. 

Planetada, şol sanda Dünýä ummanynda-da plastik zyňyndylaryň ägirt köp möçberiniň üýşendigi sebäpli, daşky gurşawyň hapalanmagynyň bu görnüşi, alymlaryň pikirine görä, iň howply hapalanmadyr.


01.07.2025 17:09
7k+

Ýewropany yssy gurşap aldy: Birnäçe ýurtda howa howpunyň iň ýokary derejesi yglan edildi

30-njy iýunda Ýewropada aşa yssy howa boldy, temperaturanyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşylýar. Ispaniýada, Portugaliýada, Italiýada, Fransiýada, Germaniýada we Beýik Britaniýada howa duýduryşlary yglan edildi...

01.07.2025 13:52
1.8k+

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

28.06.2025 11:09
6.2k+

Guşlaryň 500-den gowrak görnüşine ýakyn 100 ýylda ýok bolmak howpy abanýar

Geljek ýüz ýylda dünýäde guşlaryň 500-den gowrak görnüşi ýitip biler. Beýik Britaniýanyň Reding uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler diýip, Nature Ecology and Evolution žurnalynda çap edilen makala salgylanýan The Guardian habar berýär...

22.06.2025 11:53
11k+

Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy deňiz buzunyň eremegi sebäpli iki esseden gowrak azaldy

Antarktikadaky Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy 1977-nji ýyldan bäri 54% azaldy. Bu barada Global Change Biology žurnalyndaky gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär. Gözegçilik 1970-nji ýyllardan bäri subantarktika sebitinde, aýratynam, Signýu adasynda deňiz süýdemdirijileriniň sanyny öwrenýän Britaniýanyň antarktika gullugynyň (BAS) hünärmenleri tarapyndan geçirildi...