Guşlaryň 500-den gowrak görnüşine ýakyn 100 ýylda ýok bolmak howpy abanýar

  • 28.06.2025 11:09
  • 6.6k+

Geljek ýüz ýylda dünýäde guşlaryň 500-den gowrak görnüşi ýitip biler. Beýik Britaniýanyň Reding uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler diýip, Nature Ecology and Evolution žurnalynda çap edilen makala salgylanýan The Guardian habar berýär.

Derňew Halkara Tebigaty Goramak Bileleşiginiň (IUCN) maglumatlar bazasyna girýän guşlaryň 10 müň töweregi görnüşini öz içine aldy. Barlagyň esasy awtory Kerri Stýuart guşlaryň köp görnüşleriniň, soňky bäş asyra garanyňda, 2125-nji ýyla çenli ýok bolup biljekdigini aýtdy. Olaryň arasynda demirgazyk deňiz guşy bolan tupik, Ýewropa kepderisi we uly togdary ýaly guşlar bar. Onuň sözlerine görä, bu ekoulgamlaryň ýok bolmagyna sebäp bolup biler.

Ýok bolmagyň esasy sebäpleri tokaýlaryň çapylmagy, oba hojalyk ýerleriniň giňelmegi we howanyň üýtgemegi bilen bagly. Ähli ýaramaz täsirler dessine aýrylan ýagdaýynda-da, 250 töweregi görnüş ýitip gitmek howpy astynda diýip, Stýuart belledi.
Hünärmenler üstünlikli dikeldişiň mysaly hökmünde 1987-nji ýylda ýabany tebigatda  ýitip giden kaliforniýa kondoryny agzaýarlar.
Professor Manuela Gonsales-Suares we BirdLife International-yň baş ylmy işgäri Stýuart Butçart maksatly tagallalar bolmazdan görnüşleriň köpüsini halas etmegiň mümkin däldigini bellediler.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......