Türkmenistanyň wekili terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Daşkent maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekili terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Daşkent maslahatyna gatnaşdy

3-4-nji martda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp, «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli halkara maslahat geçirildi. Onda daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanyň adyndan wekilçilik etdi.

 Çärede Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýüzlenmesi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Nobatdaky maslahat Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň 10 ýyllygynyň jemini jemledi we BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň bu sebitde amala aşyrylmagynyň özboluşly tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Saparynyň çäklerinde W.Hajiýew BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy W.Woronkow, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Ýerine ýetiriji direktory Kaýrat Sarybaý bilen duşuşyklary geçirdi.

Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň Merkezi Aziýada durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki täzelenen meýilnamasy kabul edildi.