Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2 aýda bitiren işleriniň jemine seretdi

  • 03.03.2022 09:51
  • 8.4k+

2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine türkmen döwletiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy we işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda goranmak ministri B.Gündogdyýew, Baş prokuror B.Atdaýew, içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow, milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew, adalat ministri M.Taganow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow öz gözegçilik edýän harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň ähli pudaklaryna degişli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, kanunlara zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada tabşyryk berlendigini belledi hem-de adalat ministri M.Taganowa kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmagy hem-de olara degişli teklipleri we hukuk netijenamalaryny bermegi tabşyrdy.


şu gün 00:06
9.5k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

düýn 23:49
7.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

düýn 16:36
10k+

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Şu gün irden geçirilen dabaraly çäre barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär....

düýn 16:26
5.7k+

«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär....