Şu gün Ermenistanyň Mejlisi täze prezidenti saýlar

  • 02.03.2022 18:11
  • 6.8k+

Mejlisiň çarşenbe güni boljak maslahatynyň gün tertibine Ermenistanyň täze prezidentini saýlamak meselesi goşuldy. TACC-yň maglumat berşine görä, Mejlisiň metbugat gullugy döwletiň täze baştutanynyň wezipesine ýekeje dalaşgär bolar, ol hem premýer-ministr Nikolaý Paşinýanyň toparynyň agzasy, Ýokary tehnologik senagat ministri Waagn Haçaturýandyr diýip habar berýär. Ermenistanyň konstitusiýasyna laýyklykda prezidentlige saýlanmak üçin Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň dörtden üç böleginiň sesine eýe bolmak zerur.

Ýurduň kanun çykaryjy organynda  107 sany deputatyň bardygyny, Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasynda-da 71 mandatyň bardygyny göz öňünde tutsaň, ikinji tapgyrda geçjek saýlawlarda dalaşgäre deputatlaryň umumy sanynyň azyndan bäşden üç böleginiň sesini gazanmagy ýeterlik bolar. Haçaturýan Ýokary tehnologik senagat ministri wezipesine 2021-nji ýylyň awgustynda bellenipdi. Bilimi boýunça ol ykdysadyýetçi, 1992-1996 ýyllarda Ýerewanyň häkiminiň wezipesini eýeledi.

Armen Sarkisýan 2018-nji ýyldan bäri Ermenistanyň prezidenti. 2022-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda ol otstawka gidýändigini mälim etdi. Bu gelen kararyny prezidentiň elinde içeri we daşary syýasatda döwlet ähmiýetli hem-de milletiň bähbidine möhüm meselelere täsirini ýetirmäge zerur bolan gurallaryň ýoklugy bilen düşündirdi. Täze prezident saýlanýança onuň wezipe borçlaryny Mejlisiň spikeri Alen Simonýan ýerine ýetirip gelýär.


şu gün 05:58
2.5k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...

10.02.2026 09:22
1.7k+

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy...

09.02.2026 10:42
1.5k+

Tailandda parlament saýlawlary we Konstitusiýa boýunça ses berilişik tamamlandy

Tailandda geçirilen parlament saýlawlarynda premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anutin Çarnwirakul tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Tailandyň buýsanjy» (Bhumjaithai) konserwatiw partiýasy ýeňiş gazandy...