Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar

  • 28.02.2022 18:44
  • 19208
Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýolbaşçysy Dana Uaýt bilen Islam Mahaçewiň geljegi barada maslahatlaşandygyny beýan etdi. Russiýaly türgen ESPN MMA ýaýlymynda çykyş etdi.

33 ýaşly Nurmagomedowyň bellemegine görä, UFC Mahaçewi ýeňil agramda häzirki çempion Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Jastin Getjiniň tutluşygynyň ýeňijisi bilen çykarmak isleýär. Şeýlelikde, Uaýt Mahaçewi guşaga dalaş edip bilerlik derejede görýändigini aňlatdy.
Mahaçew Las-Wegasda geçirilen UFC ýaryşynda Bobbi Grinden üstün çykdy. Russiýaly türgen guramanyň çäginde dowamly ýeňişleriniň sanyny ona ýetirdi.
Ilkibaşda Mahaçew Beneil Dariuş bilen söweşmelidi. Emma amerikaly türgen şikes alyp, söweşden ýüz öwürmeli boldy.
Oliweýra we Getji titul söweşini maý aýynda geçirer. Tutluşyk Braziliýada UFC-de geçiriler.


düýn 16:59
3720

Jon Jons indiki söweşiniň senesini aýtdy

Agyr agramda UFC-niň häzirki çempiony Jon Jons 9-njy noýabrda Nýu-Ýorkdaky “Medison Skwer Garden” arenasynda geçiriljek UFC 308 ýaryşynda oktagona gaýdyp geler. Bu barada söweşiji öz sosial ulgamlarynda habar berdi...

16.05.2024 10:40
16503

Meýwezeriň indiki garşydaşy yglan edildi

Bir gezek hem ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesindäki öňki dünýä çempiony Floýd Meýwezer-kiçi watandaşy Wiktor Ortiz bilen görkezme söweşinde ringe gaýdyp geler. Bu barada "Çempionat" Salwador Rodrigesiň...

13.05.2024 12:57
25943

UFC Makgregoryň söweşi üçin petek satuwyndan rekord $20 mln gazandy

UFC 303 ýaryşynda geçiriljek Makgregor bilen Çendleriň arasyndaky söweş üçin petek satuwy promouşeniň rekordyny täzeledi. Bu barada UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, petekler liga 20...

07.05.2024 11:54
11417

Jon Jons Aleks Pereýrany çagyrýar: «Bu söweş UFC-de iň uly waka bolar»

Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons ýarym agyr agram derejesinde guşagyň eýesi Braziliýadan Aleks Pereýra bilen duşuşmak isleýär. Bu barada ol sosial sahypasynda mälim etdi diýip, "Çempionat" habar berýär. «Stipe...