В Туркменистане хлеб обогащают глицирризиновой кислотой

  • 25.02.2022 09:24
  • 16k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni «Berzeňňi» mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji we dünýäde dördünji bolup, halkara ölçeglere laýyklykda duzuň ýodlaşdyrylmagyny üpjün eden ýurt hökmünde resmi taýdan ykrar edilendigini bellemek gerek.

Türkmenistan täze ýokanç kesele garşy işjeň göreşip, ýurdumyzyň çäginde koronawirus hem-de beýleki howply ýokançlaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar. Hususan-da, döwlet Baştutany glisirrizin turşusynyň adam bedeninde ýokanja garşy täsiriniň, onuň iş ýüzünde ulanylmagynyň düýpli barlaglarynyň geçirilmeginiň başyny başlady. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine bu ugurda barlaglary geçirmegi tabşyrdy. Alymlar buýan kökünden hem-de onuň düzüminde ep-esli mukdarda bolan glisirrizin turşusyndan öndürilen derman serişdeleriniň bejeriş-öňüni alyş täsirini tassykladylar.

Çörek we çörek önümleri iň köp sarp edilýän iýmit önümleriniň hataryna girýär hem-de adam ömri üçin zerur bolan ähli maddalary öz içine alýar. Buýan köküniň toşabyny goşmak esasda çörek we çörek önümlerini öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzda ilkinji gezek buýan köküniň toşabynyň goşulmagynyň ygtybarly mukdaryny kesgitlemek üçin toplumlaýyn barlaghana işleri geçirildi. Şunuň bilen birlikde, çörek we çörek önümlerini taýýarlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullary işlenip düzüldi. Bular köpçülikleýin önümçilik üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Bereketli” söwda merkezine teklip edildi. Häzirki wagtda bu ýerde täze önüm taýýarlanylýar we ýerlenilýär.


31.05.2026 00:28
4.9k+

Франция, Испания и Нидерланды первыми получат препарат против хантавируса

Первые партии экспериментального противовирусного препарата фавипиравир для лечения хантавируса направят во Францию, Испанию и Нидерланды. Об этом сообщили в Европейской комиссии....

30.05.2026 19:41
6.3k+

WP: Кения отказалась размещать у себя в карантине больных Эболой граждан США

Суд Кении отказал в содержании на территории страны американских граждан, заболевших лихорадкой Эбола, а также в организации их лечения в специальном полевом госпитале. Об этом сообщила газета The Washington......

29.05.2026 23:28
2.7k+

Страховка во Франции начнет покрывать расходы на препараты от ожирения

​Во Франции в рамках национальной программы страхования с середины июня 2026 года вводится государственная компенсация расходов на покупку медицинских препаратов для лечения ожирения. Об этом со ссылкой на......

28.05.2026 19:35
7.2k+

NYT: США хотят отправлять заболевших Эболой граждан лечиться в Кению

Администрация США разработала план по отправке заболевших лихорадкой Эбола американских граждан в Кению для лечения и карантина. Об этом сообщила газета The New York Times со ссылкой на информированные......