Toyota bilen Lexus geljek iki ýylda dört sany täze krossower çykarar

  • 21.02.2022 17:20
  • 14k+

Geljek iki ýylda Toyota bilen onuň premial brendi Lexus azyndan dört sany täze krossower we ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulag, şol sanda indiki nesliň Land Cruiser Prado hem-de Lexus LF flagman awtoulagyny çykarmaly. Bu barada hususy çeşmesine salgylanyp, “BestCar” ýapon neşiri habar berýär.

2023-nji ýylyň tomsunda täze nesliň ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply Land Cruiser Prado awtoulagynyň premýerasy bolar. Awtomobil rama gurluşyny we ýokary tizlikde gapdal gyşarmalara garşy göreşmäge kömek edýän kese durnuklylyk sazlaýjylary bilen E-KDSS kämilleşdirilen ulgamy ulanmak mümkinçiligini göz öňünde tutýan TNGA-F modul platformasynda gurnalar.  

Toyota-nyň ýene bir täze önümi Crown nusga modeliniň esasynda işlenip düzülen premium-krossower bolar. Esasy modifikasiýada awtomobil öňdäki hereketlendirijä eýe bolar, ýöne krossower dört tekerli ulgamy alar. Awtomobiliň premýerasynyň 2023-nji ýylyň güýzünde bolmagyna garaşylýar.

Lexus markasy barada aýdylanda, ol 2023-nji ýylyň ýazynda BMW X7 we Mercedes-Benz GLS bilen bäsleşjek täze flagman krossowerini hödürlemeli. Deslapky maglumatlara görä, hereketlendiriji hataryna KS sedanynda 421 at güýjüni berýän 3,5 litrlik turbo “altylyk”, şeýle-de V6 hereketlendirijisine esaslanýan gibrid güýç gurluşy girer. Gammanyň ýokarsynda 600-den gowrak at güýji bolan 4,0 litrlik goşa güýçlendiriji bilen V8 enjamly modifikasiýa ýerleşer.

Şeýle-de, indiki ýylyň güýzünde Lexus kiçi krossower çykarar. Tehniki taýdan bu awtomobil ABŞ-da we Ýewropada satylýan Toyota Yaris Cross-a ýakyn bolar.


düýn 11:37
5.6k+

Guançžoudaky awtosalonda täzelenen Toyota Corolla tanyşdyryldy

Guançžou awtosalonynda täzelenen Toyota Corolla görkezildi. Model ýörite Hytaý bazary üçin gaýtadan dizaýn edildi we ol ýerde FAW–Toyota bilelikdäki kärhanasynda öndürilýär. Autonews neşiriniň habar bermegine görä, esasy üýtgeşmeler sedanyň öň bölegine degip geçdi...

23.11.2025 22:32
7k+

Toyota awtoulaglarynyň dizaýnyny dokuz ýyllap üýtgetmez

Toyota awtoulaglaryny döwrebaplaşdyrmak üçin öz çemeleşmesini täzeden gözden geçirmegi meýilleşdirýär. Öň modeller her dört-bäş ýylda täzelenýärdi, 2000-nji ýyllarda bolsa bu döwür takmynan ýedi ýyla çenli uzaldyldy...

23.11.2025 00:00
3.1k+

Toyota RAV4 Hytaýda iki wersiýada hödürlendi

Toyota kompaniýasy Guançžoudaky awtosalonda ýazda görkezilen RAV4 krossoweriniň iki ýerli wersiýasyny tanyşdyrdy. Täze wersiýalar Toyota-nyň GAC we FAW bilen bilelikdäki kärhanalarynda öndüriler. Wersiýalaryň ikisi-de hytaý bazarynyň talaplaryna görä sazlandy we global modelden tapawutlanýar...

21.11.2025 22:31
6.8k+

Toyota Land Cruiser-i pikaba we üç hatarly krossowere öwürmegi meýilleşdirýär

Geljek birnäçe ýylda Land Cruiser ady, öň bu meşhur ulag maşgalasy bilen baglanyşykly bolmadyk iki täze modelde peýda bolar. "Best Car Web" neşiriniň habaryna görä, Toyota öz hataryna pikaby we göteriji kuzowly (çarçuwasyz) üç hatarly krossoweri goşar...