Germaniýada 20-nji marta çenli antikowid çäreleriniň aglabasy ýatyrylýar

Germaniýada 20-nji marta çenli antikowid çäreleriniň aglabasy ýatyrylýar

Federal ýerleriň ýolbaşçylary Germaniýanyň kansleri Olaf Şols bilen bilelikde 16-njy fewralda COVID-19-yň ýaýramagy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleri kem-kemden gowşatmagyň meýilnamasyny ylalaşdylar diýlip, ýurduň hökümet baştutanynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Kesel hadysalarynyň gündelik sanynyň azalmagy, şeýle-de GFR-iň raýatlarynyň öz saglygyna jogapkärli garamagy Şolsa federal ýerleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde koronawirus çäklendirmeleriniň sanyny kem-kemden azaldyp başlamaga mümkinçilik berdi. Bu ilatyň jemgyýetçilik, medeni we ykdysady durmuşyna degişlidir. 

3-nji fewralda Germaniýada soňky bir günde koronawirus bilen kesellemegiň 236 müňden gowrak hadysasynyň hasaba alnandygy we onuň pandemiýa başlany bäri iň ýokary görkeziji bolandygy belli boldy.

Dekabr aýynyň ahyrynda Germaniýanyň kansleri Olaf Şols ýurtda “omikron” ştammynyň çalt ýaýraýandygy sebäpli koronawirus pandemiýasynyň bäşinji tolkunynyň bolup biljekdigini we täze tolkunyň öňkülerden agressiw boljakdygyny aýtdy.