«Stels-omikronda» täze howply mutasiýa tapyldy

«Stels-omikronda» täze howply mutasiýa tapyldy

“Omikronyň” täze görnüşi Daniýada işjeň ýaýraýar. Onuň aýratynlygy ORF3a belogynda täze mutasiýanyň (H78Y) barlygyndadyr. Bu belokdaky üýtgemeler wirusyň adamdan adama geçmegini hasam çaltlaşdyryp biler diýip, alymlar çaklaýar.

Bu üýtgemeler adam öýjüginiň içinde wirusyň hereketine jogap berýän belokda bolup geçdi diýip, “Izwestiýa” gazeti belledi.

Alymlaryň pikiriçe, bu onuň adamdan adama geçiş tizliginiň ýokarlanmagyna hem sebäp bolup biler. Bellenilişi ýaly, bu keseliň adamda geçişine täsir etmeýär, ýöne islendik BA.2 mutasiýa gözegçilik etmek gerek, sebäbi ol “omikronyň” beýleki görnüşlerine garanyňda, hem kesellän adamlara, hem COVID-19-a garşy sanjym alanlara kesel degirýär.   

Polşada “omikron” mutasiýalarynyň iki sany täze görnüşi ýüze çykaryldy. Ýurduň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Waldemar Kraskanyň aýtmagyna görä, Saglygy goraýyş ministrligi heniz täze mutasiýalaryň nähili boljakdygyny we munuň keseliň geçişine nähili täsir etjekdigini bilenok. Şeýle-de, koronawirusyň başga mutasiýasynyň peýda boljakdygyny ýa-da ýokdugyny öňünden aýtmak kyn diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.