Alymlar dünýäniň uly derýalarynda dermanlaryň yzlaryny tapdylar

  • 18.02.2022 14:13
  • 21k+

Beýik Britaniýada Ýork uniwersitetiniň alymlary dünýäniň 104 ýurdundaky 258 uly derýanyň suwlarynda suw jandarlary we adam saglygy üçin howply bolan derman serişdeleriniň konsentrasiýasyny tapdylar. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Gözleg işi 471 mln adamyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini anyklamak üçin 137 geografiki sebitde geçirildi. Bellenilişi ýaly, 36 ýurtda derýalar derman serişdesiniň konsentrasiýa düzümi üçin hiç wagt barlanylmandyr. Gözlegiň dowamynda 61 birleşmäniň konsentrasiýasy ýüze çykaryldy.

Afrikada, Saharanyň günortasynda, Günorta Amerikada we Günorta Aziýada şeýle birleşmeler köp duşýar. Alymlaryň pikiriçe, munuň sebäbi ilatyň pes we orta girdejisi, şeýle-de hapa suwlary arassalamak hem-de galyndylary peýdalanmak boýunça ösmedik infrastrukturadyr. Bu sebitleriň derýalarynda karbamazepin, metformin we kofein birleşmeleri tapyldy. Bu birleşmeler seljerilýän ýerleriň ýarysyndan gowragynda ýüze çykaryldy. 

Habarlara görä, suw nusgalary alnan ýerleriň dörtden birinde azyndan bir birleşme suw jandarlary üçin howpsuz derejeden geçýärdi ýa-da derman serişdelerine çydamly patogenleriň ösüşine täsirini ýetirip bilýärdi. 


düýn 19:23
2.7k+

Hytaýly alymlar göze zeper ýetirýän howply wirusy ýüze çykardylar

Hytaýdaky alymlar ölüm howply ýapyk görnüşli nodawirusy (CMNV) dowamly gipertoniki wirusly uweite sebäp bolujy hökmünde anykladylar, bu bolsa çişmä we gözüň içinde gan basyşyň ýokarlanmagyna sebäp bolýan......

18.04.2026 12:09
4k+

90% takyklyk: alymlar göni içegäniň düwnük keselini anyklamak üçin kolonoskopiýanyň ornuny tutýan usuly tapdylar

Ženewa uniwersitetiniň alymlary içegäniň mikrobiomynyň seljermesine esaslanyp, göni içegäniň rak keselini (ýogyn we göni içegäniň rak keseli) anyklamak üçin usul işläp düzdüler. Bu usul kolonoskopiýa......

19.03.2026 20:10
3k+

Plastik galyndysyny Parkinson keselini bejermek üçin dermana öwürdiler

Edinburg uniwersitetiniň ylmy barlagçylary PET-plastigini Parkinson keselinde ulanylýan «lewodopa» dermanyna öwürmegiň usulyny işläp düzdi. Tehnologiýanyň beýany «Nature Sustainability» žurnalynda neşir edildi...

27.02.2026 20:58
3.2k+

Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir

"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär...