2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy

  • 13.02.2022 16:37
  • 5.5k+
2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkeziji gazanyldy, ýagny 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gaz çykaryldy. Bu barada 11-nji fewralda geçirilen Hökümetiň 2021-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe benzin öndürmek boýunça meýilnama 105 göterim, bitum öndürmek boýunça 142,3 göterim, polipropilen öndürmek boýunça 105,9 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylda tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasy 120,1 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça meýilnama 129,8 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 109 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem dizel ýangyjynyň we suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberleri barada hasabat berildi.

Şeýle hem geçen ýylda sadap hem-de alýumin çaýylan polipropilen örtüginiň, Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň, “Turkmenoil Advance 5W-40” görnüşli ýarym sintetiki çalgy ýagynyň, gämi ýangyjynyň, alkilat benzinleriniň ýokary oktanly komponentiniň, Euro-6 standartlaryň kadalaryna laýyk gelýän A-98 görnüşli benziniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada aýdyldy.

Türkmen Lideri nebitiň, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň gorlaryny artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, täze känleri gözlemek maksady bilen, Barsagelmez, Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Nebitdag, Altyguýy, Uzynada, Günorta Uzynada, Keýmir, Akpatlawuk känleriniň işjeň ösdürilmelidigini, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleriň hem dowam etdirilmelidigini nygtady.


şu gün 09:06
1.3k+

“Türkmengaz” DK gyş möwsümine taýýarlyk görýär

“Türkmengazüpjünçilik” we “Türkmengazakdyryş” birleşikleri tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem ygtybarly üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Amanow...

düýn 07:54
8k+

Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisi boýunça ibermeler Hytaýa 696 mln tonna kömürden el çekmäge mümkinçilik berdi

2009-njy ýylda ulanyşa girizileninden bäri, Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisiniň ugry boýunça HHR-e 500 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu möçberdäki gaz Hytaýa 696 mln tonna kömürden el çekmäge...

16.11.2024 19:20
6.1k+

“Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Amanow anna güni Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna...

03.11.2024 08:17
16k+

Türkmenistan GDA-da dizel ýangyjynyň elýeterli bahasy boýunça birinji orny eýeleýär

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda dizel ýangyjynyň baha taýdan elýeterliligi boýunça birinji orny eýeleýär. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligine salgylanyp, Orient ýazýar. Global petrol Prices...