Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy tassyklanyldy

  • 12.02.2022 15:01
  • 14k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklady. Degişli Karara türkmen Lideri Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli maksatnamada bellenen wezipeleriň, işleriň we çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, milli Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly we toplumlaýyn ösdürmek, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.


şu gün 08:13
1.4k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

düýn 23:15
5.7k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.6k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.3k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......