Gazagystan awtomobil eksportyny ep-esli ýokarlandyrdy

Gazagystan awtomobil eksportyny ep-esli ýokarlandyrdy

2021-nji ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça Gazagystandan 9 390 awtomobil eksport edildi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 74,9 göterim köpdür. Bu barada Gazagystanyň Statistiki komitetine salgylanyp, Trend habar berýär.

Oktýabr aýynyň jemi boýunça eksport 1 827 awtomobil boldy, bu bolsa 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 2,7 esse we 2021-nji ýylyň sentýabr aýyna garanyňda 29 göterim köpdür.
2021-nji ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça ýeňil awtomobilleriň önümçiligi 61 754 awtomobil (19,2 göterim ösüş), import bolsa 82 382 awtomobil (2,4 esse ösüş) boldy.
Öz gezeginde oktýabr aýynda önümçilik 6 738 awtomobil boldy, bu 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 31 göterim we 2021-nji ýylyň sentýabr aýyna garanyňda 3,5 göterim azdyr. Oktýabr aýynda import 7 210 awtomobil boldy, bu bolsa degişlilikde 24,4 göterim we 3,6 göterim ösüşdir. 
Şolardan 134 746 awtomobil içerki bazarda satyldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 66,4 göterim köpdür.
Şeýle-de, içerki bazarda satuwyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda 12 121 awtomobil bolandygy we munuň 2020-nji ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 18,6 göterim, 2021-nji ýylyň sentýabr aýyna garanyňda 7 göterim azdygy bellenilýär.