Hytaýdan gelip, karantinde bolan Berdimuhamedow we Hökümet agzalary täzeden işe başlady

  • 09.02.2022 01:22
  • 14k+

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. Bu baradaky degişli Karara 8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Iş maslahatynda bellenilişi ýaly, golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylan sapardan soňra, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary 3 günüň dowamynda karantin ýagdaýda öz işlerini alyp bardylar. Türkmen Lideri özleriniň saglyk ýagdaýlarynyň gowudygyny aýdyp, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy baradaky Karara täzeden gol çekdi.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
991

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......