Hytaýyň ýaşaýjylary gök suw barsynyň Täze ýylyny garşy aldylar

  • 02.02.2022 09:05
  • 4.1k+

Hytaýyň ýaşaýjylary duşenbe gününden sişenbe gününe geçilýän gijede gök suw barsynyň howandarlygynda geçjek Aý senenamasy boýunça Täze ýylyň başlanmagyny baýram edip bellediler. Koronawirusyň ýaýrama töwekgelçiligini azaltmak maksady bilen HHR-iň häkimiýetleri raýatlara bassyr üçünji ýyl ýurtda gezelenç etmekden we köpçülikleýin gezelençlerden saklanmagy maslahat berdiler. Bu barada TASS habar berýär.

Hytaýlylaryň köpüsi Täze ýyly ýa-da özleriniň atlandyryşy ýaly Çunszeni (Bahar baýramy) öýde maşgalalary bilen bellemegi makul bildiler. Baýramçylygyň öňüsyrasynda esasy güýmenjeleriň biri Merkezi telewideniýe boýunça ýaýlyma berlen “Çunwan” baýramçylyk gala-konserti boldy. 

Şu ýylyň howandary – güýjüň we gaýduwsyzlygyň nyşany. Hytaýyň HBS-niň ýazmagyna görä, ol öküz we geçi ýylynda doglanlar üçin haýyrly bolar – 2022-nji ýylda şowlulyk olaryň tarapynda bolar. Aždarha, towşan, at we horaz ýylynda doglanlara maliýe işlerinde üstünlik garaşýar. Galan ýyllarda doglanlar bolsa maksatlaryna ýetmek üçin birneme zähmet çekmeli bolarlar.

Bu ýyl Hytaýda baýramçylyk günleri 31-nji ýanwardan 6-njy fewrala çenli dowam eder. Däp boýunça, Aý senenamasy boýunça Täze ýylyň ilkinji gününden ýurtda ybadathana dabaralary – dürli ýadygärlik sowgatlaryny, agaç, mata, plastmassa oýunjaklaryny, çagalar üçin örtükleri satyn alyp boljak ýarmarkalar geçiriler. Şeýle-de bolsa, pandemiýa sebäpli bassyr üçünji ýyl köpçülikleýin çäreler ýatyryldy.


14.04.2026 20:51
3.8k+

Pekinde adampisint robotlaryň 70-den gowrak topary ýarym marafonyň öňüsyrasynda ylgawa çykdy

Pekinde adampisint (gumanoid) robotlar üçin Hytaýyň taryhynda ikinji gezek geçiriljek ýarym marafona taýýarlyk synaglary başlandy. Oňa ýüzden gowrak robot gatnaşar....

11.04.2026 14:28
3.9k+

Hytaýda it-pişikler üçin gije-gündiz işleýän teleýaýlym açyldy

Hytaýda öý haýwanlarynyň görüş we eşidiş ukybyna görä ýörite taýýarlanan tölegli teleýaýlym işe başlady. Bu kanal «VIP-ýazylyşygy» bolan müşderiler üçin elýeterli bolup, ol it-pişikleriň nerw ulgamyna oňat......

11.04.2026 11:03
5.4k+

Hytaýda müňlerçe ýyl ozal ýitip giden ynsan nesliniň yzlary tapyldy

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Buzluk döwründen soň Demirgazyk Hytaýda ýaşap, wagtyň geçmegi bilen doly ýitip giden ynsan neslini ýüze çykardylar. Bu barada Current Biology žurnalynda habar berilýär....

09.04.2026 16:20
3.5k+

Hytaýly paleontologlar ýüzlerçe million ýyl ozal ýaşan gadymy balyklaryň galyndylaryny tapdy

Hytaýda alymlar gadymy balyklar bilen baglanyşykly birwagtda iki sany açyş barada habar berdi: iň irki döwürlere degişli doly saklanyp galan süňkli balyklaryň biri tapyldy, şeýle hem şöhleýüzgüç balyklaryň......