Sber banky Ferrari-den öňe geçip, Ýewropanyň iň güýçli brendi boldy

  • 27.01.2022 13:05
  • 4.2k+
Sber banky Ferrari-den öňe geçip, Ýewropanyň iň güýçli brendi boldy

Brand Finance halkara konsalting kompaniýasynyň täze hasabatyna görä, Sber “Brendiň güýji” görkezijisi boýunça Ýewropada birinji orny eýeledi. 2022-nji ýylyň reýtinginde Sber mümkin bolan 100-den 92,3 punkt ýygnap, iň ýokary AAA+ reýtingini aldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär. 

“Geçen bir ýylda bank koronawirus pandemiýasyna garamazdan, bu görkezijini 0,3 göterim punkt ýokarlandyrdy” – diýlip, Brand Finance-iň teswirinde aýdylýar. Bir ýyl ozal Sber brendiň güýji boýunça Ýewropada ikinji orny eýeledi, ýöne 2021-nji ýylda kompaniýa ýakyn bäsdeşi Ferrari-den öňe geçdi. 

Dünýä brendleriniň arasynda Sber altynjy orny eýeledi, liderleriň bäşligine WeChat, Coca-Cola, Google, Youtube we Naver girdi. Mundan başga-da, liderleriň onlugynda Ferrari, Amazon, Deloitte we Pepsi bar.

Sber brendi örän çalt depginde ösýär diýip, marketing we kommunikasiýa departamentiniň direktory, uly wise-prezident Wlad Kreýnin belledi. Ol Sber bankyna eýýäm 104 mln hususy we üç mln korporatiw müşderiniň ynam bildirýändigini ýatlap geçdi.

Bir ýylyň dowamynda Sber brendiň bahasy boýunça-da (Brand Value) ornuny ep-esli gowulandyrdy, ol 25 punkt ýokary galdy. Brand Finance Russiýanyň öňdebaryjy bankynyň we ekoulgamynyň brendini 12,8 mlrd dollar bilen bahalandyrdy, bu bir ýyl ozalkydan 36 göterim köpdür. Bu Sbere dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda 156-njy setiri eýelemäge mümkinçilik berdi (ondan öňki  ýyl bank 181-nji orunda ýerleşipdi).


01.08.2024 17:32
2.5k+

Meta kompaniýasy Ýewropa Komissiýasyna 13,4 milliard dollar möçberinde jerime tölemeli bolup biler

Ýewropa Komissiýasy (ÝK) monopoliýa garşy kanunlary bozandygy üçin Meta kompaniýasyna jerime salmaga taýynlanýar. Jerimäniň möçberi 13,4 milliard dollara ýetip biler, bu möçber Metanyň 2023-nji ýyldaky global girdejisiniň...

29.03.2024 21:11
3.2k+

Ýewropa Komissiýasy Alphabet, Apple, Meta kompaniýalaryna garşy derňew işine başlady

Ýewropa Komissiýasy ÝB-niň sanly bazarlar baradaky kanunynyň, ähtimal, bozulmagy sebäpli Alphabet, Apple we Meta kompaniýalaryna garşy ilkinji derňew işine başlady. Bu barada ÝK-nyň metbugat gullugyna salgylanyp...

21.02.2024 11:48
4k+

Spotify bilen adalatsyz bäsdeşlik üçin Ýewropa Apple-e 500 million ýewro jerime salar

Ýewropa komissiýasy Spotify ýaly üçünji tarap aýdym-saz akym programmalarynyň işlemegini kynlaşdyrýandygy üçin Apple-e, takmynan, 500 million ýewro jerime töletmäge taýynlanýar diýip, ITHome habar berýär. Bu Spotify...

29.07.2022 08:49
6.1k+

Airbus-yň arassa girdejisi ýylyň ikinji çärýeginde üç esse diýen ýaly kemeldi

Ýewropanyň Airbus SE aerokosmiki korporasiýasy 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde arassa gidejisiniň birden kemelendigini hasaba aldy we üstümizdäki ýylyň başyndan bäri onuň uçarlar bilen üpjün edijiligi ýaramazlaşdy...