Volkswagen Golf hetçbegi 2008-nji ýyldan bäri ýewropa bazarynda iň köp satylýan awtomobil adyny elden gidirmän gelýär. 2021-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda 205 müňden gowrak Golf awtomobili satyldy, şonuň netijesinde ol ýene-de iň meşhur model boldy. Bu barada JATO Dynamics gözleg kompaniýasyna salgylanyp, “Awtostat” habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Muňa garamazdan, Volkswagen Golf-yň bazar paýy tas iki esse (1,75%-e çenli) azaldy, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende satuw 27,9% pese gaçdy. Muny umumy defisit şertlerinde bäsdeşligiň güýçlenmegi we Golf-yň elektrik görnüşiniň ýoklugy bilen baglanyşdyrýarlar – netijede bu markanyň muşdaklary ID.3 modelini has köp saýlaýarlar.
Meşhurlygy boýunça ikinji orunda Peugeot 208 ýerleşdi (196,9 müň birlik; -1,1%), Dacia Sandero ondan birneme yza galdy (196,8 müň birlik; +16,9%). Bäşligi Renault Clio (196,2 müň birlik; -21,1%) we Peugeot 2008 (194,7 müň birlik; +24,4%) jemleýär.
Ýewropada iň köp satylýan awtomobilleriň onlugyna Volkswagen T-Roc (186,6 müň birlik; +17,1%), Toyota Yaris (182,6 müň birlik; +1,3%), Opel/Vauxhall Corsa (180,6 müň birlik; -8,7%), Fiat 500 (174,7 müň birlik; +24%) we Citroen C3 (159,3 müň birlik; +7%) hem girdi.