Kanadaly aýdymçy The Weeknd Spotify akym platformasynda bir aýdaky diňleýjileriň sany boýunça lider boldy. Aýdym-saz serwisi degişli statistikany duşenbe güni neşir etdi diýip, TASS habar berýär.
The Weeknd-iň kompozisiýalaryny diňleýjileriň sany bir aýda 85,7 mln töweregi adama ýetdi. Ikinji orny 83,3 mln diňleýji bilen kanadaly aýdymçy Jastin Biber eýeledi. Şol bir wagtyň özünde, Biber serwisiň taryhynda Spotify-da bir aýyň dowamyndaky diňleýjileriň absolýut sany boýunça birinjiligi saklamagy dowam etdirýär – 94,6 mln. The Weeknd-iň üstünligine 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda çykan täze Dawn FM albomynyň meşhurlygy ýardam etdi diýip, “Daily Mail” neşiri ýazýar.
The Weeknd lakamy bilen çykyş edýän Abel Makkonen Tesfaýe öň birnäçe gezek halkara aýdym-saz baýraklarynyň, şol sanda Grammy we MTV EMA baýraklarynyň eýesi boldy. Onuň aýdymlary Billboard Hot 100 sanawlaryna yzygiderli goşulýar.
Spotify hyzmaty 2008-nji ýylda işe girizildi. Häzirki wagtda onuň 381 mln ulanyjysy, şol sanda dünýäniň 178 ýurdunda Spotify Premium-yň 172 mln abunaçysy bar.