Habib Dana Uaýtyň pikiriçe MMA-nyň taryhynda iň güýçli söweşijileriň üçlügine girmedi

  • 23.01.2022 13:34
  • 23k+

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt garyşyk söweş sungatynyň tutuş taryhynda iň gowy üç söweşijini saýlady. Bu barada ozalky amerikaly söweşiji BJ Penn-iň sözlerine salgylanyp, vprognoze.ru habar berdi. 

Uaýtyň saýlamagy boýunça garyşyk söweş sungatynyň iň güýçli üç söweşijisi diýlip, braziliýaly Anderson Silwa, kanadaly Žorž Sen-Pýer we amerikaly Jon Jons yglan edildi. Anderson Silwa orta agram derejesinde UFC-niň ozalky çempiony bolup, ol çempionlyk titulyny 10 gezek üstünlikli goramagy başarypdy. Žorž Sen-Pýer orta we ýarym orta agram derejelerinde UFC-niň çempionlyk guşaklaryny eýeläpdi, Jon Jons bolsa agyr agramda UFC-niň çempiony bolupdy. 

Bellemeli zat, Uaýtyň pikiriçe, Habib Nurmagomedow bu babatda ilkinji üçlüge girmedi, ýogsa 33 ýaşyndaky rus söweşijisi karýerasynda ähli söweşlerde (jemi 29 gezek) ýeňiş gazanypdy. Ol ýeňil agram derejesinde 3 gezek UFC-niň çempionlyk titulyny üstünlikli gorady.


23.11.2025 12:22
11k+

Sarukýan Den Hukeri möhletinden ir ýeňip, Topuriýany söweşe çagyrdy

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň ermeni-rus söweşijisi Arman Sarukýan Dohada (Katar) geçirilen UFC Fight Night 265 ýaryşynyň esasy söweşinde Täze Zelandiýanyň wekili Den Hukerden üstün çykdy. Bäş raund dowam etmeli söweş möhletinden ir tamamlandy...

20.11.2025 13:08
9.9k+

Mahaçew agram derejesine garamazdan UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde öňe geçdi

UFC promouşeniň agram derejesine garamazdan iň gowy söweşijileriniň (P4P) täzelenen reýtingini neşir etdi. Bu sanawyň birinji ornuna Islam Mahaçew çykdy. 16-njy noýabrda Mahaçew Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynda ýarym-orta agramdaky (77 kg çenli) titul ugrundaky söweşde awstraliýaly Jek Della Maddalenany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi...

16.11.2025 11:41
15k+

Islam Mahaçew Della Madalenany ýeňip, iki agram derejesinde UFC-niň çempiony boldy

Russiýaly Islam Mahaçew Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynyň esasy duşuşygynda awstraliýaly Jek Della Maddalenany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi. Tutluşyk hersi bäş minutlyk bäş raundlap dowam etdi. Tutluşygyň tutuş dowamynda diýen ýaly russiýaly pälwan garşydaşyny ýerde (parterde) arkasyna ýatyryp saklady...

14.11.2025 20:30
19k+

Nýu-Ýorkda UFC 322: Maddalena – Mahaçew, esasy söweşler, haçan we nirede görmeli

16-njy noýabrda Nýu-Ýorkdaky Madison Square Garden arenasynda UFC 322 ýaryşy geçiriler. Söweş agşamy Aşgabat wagty bilen ir sagat 4:00-da başlar, esasy kard bolsa 8:00-da başlar. Esasy waka ýarym orta agramda titul söweşi bolar: çempion Jek Della Maddalena Islam Mahaçewe garşy ilkinji goragyny geçirer...