Habib Dana Uaýtyň pikiriçe MMA-nyň taryhynda iň güýçli söweşijileriň üçlügine girmedi

  • 23.01.2022 13:34
  • 23k+

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt garyşyk söweş sungatynyň tutuş taryhynda iň gowy üç söweşijini saýlady. Bu barada ozalky amerikaly söweşiji BJ Penn-iň sözlerine salgylanyp, vprognoze.ru habar berdi. 

Uaýtyň saýlamagy boýunça garyşyk söweş sungatynyň iň güýçli üç söweşijisi diýlip, braziliýaly Anderson Silwa, kanadaly Žorž Sen-Pýer we amerikaly Jon Jons yglan edildi. Anderson Silwa orta agram derejesinde UFC-niň ozalky çempiony bolup, ol çempionlyk titulyny 10 gezek üstünlikli goramagy başarypdy. Žorž Sen-Pýer orta we ýarym orta agram derejelerinde UFC-niň çempionlyk guşaklaryny eýeläpdi, Jon Jons bolsa agyr agramda UFC-niň çempiony bolupdy. 

Bellemeli zat, Uaýtyň pikiriçe, Habib Nurmagomedow bu babatda ilkinji üçlüge girmedi, ýogsa 33 ýaşyndaky rus söweşijisi karýerasynda ähli söweşlerde (jemi 29 gezek) ýeňiş gazanypdy. Ol ýeňil agram derejesinde 3 gezek UFC-niň çempionlyk titulyny üstünlikli gorady.


şu gün 18:18
484

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......