Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantara bolar. Jakarta suwuň astyna gidip barýar

  • 19.01.2022 12:34
  • 20k+
Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantara bolar. Jakarta suwuň astyna gidip barýar

Indoneziýanyň Kalimantan adasynyň günorta-gündogarynda guruljak täze paýtagty Nusantara diýlip atlandyrylar. Terjime edilende ol «arhipelag» diýmegi aňladýar. Ýurduň milli ösüşini meýilnamalaşdyrmak ministri Suharso Monoarfa Hökümet mejlisinde degişli beýanat bilen çykyş etdi diýip, TASS CNA teleýaýlymyna salgylanyp habar berdi. 

«Men Prezidentiň [Joko Widodo] tassyklamasyny we görkezmesini aldym, täze paýtagt Nusantara diýlip atlandyrylar» - diýip, ministr «bu adyň Indoneziýanyň çäginden daşynda hem örän meşhurdygyny hem-de ýurdy arhipelag hökmünde gysgadan häsiýetlendirýändigini » sözüniň üstüne goşdy.

Prezident Widodo Indoneziýanyň paýtagtyny göçürmek meýilleri hakynda 2019-njy ýylda habar berdi. Alymlaryň bellemegine görä, Jakartanyň 2050-nji ýyla çenli üçden bir bölegi suwuň astynda galyp biler. 10 million ilaty bolan şäher ummanda suwuň derejesiniň ýokary göterilýändigi sebäpli gark bolup barýar. Sillerden başga-da, köne paýtagt ilatynyň aşa agdyklyk etmegi, ýaramaz şähergurluşyk meýilleşdirmesi, suw we lagym üpjünçilik ulgamyndaky meseleler, şeýle hem ýollardaky dykynlar zerarly ejir çekýär.
Paýtagty göçürmek üçin döwlet tarapyndan 32 milliard dollara çenli bölünip berildi. Emma koronawirus pandamiýasy zerarly taslamanyň durmuşa geçirilişi togtadyldy, ony iki ýyldan gaýtadan dikeltmek meýilleşdirilýär.
Indoneziýa dünýäniň 18 müň adadan ybarat bolan iň iri arhipelagynda ýerleşýär.


17.08.2024 12:49
2.5k+

Serdar Berdimuhamedow indoneziýalylary Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo we ýurduň halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu...

16.08.2024 00:13
10k+

Indoneziýanyň täze paýtagty Nusantaranyň gurluşygy 10-15 ýyldan tamamlanar

Indoneziýanyň Kalimantan adasynda ýerleşýän täze paýtagty Nusantaranyň gurluşygy ýene 10-15 ýyldan tamamlanar diýip, ýurduň Prezidenti Joko Widodo aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda taslama bary-ýogy 20%...

27.07.2024 13:51
4.5k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Indoneziýa ilçi bellenildi

26-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy Türkmenistanyň Indoneziýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) wezipesine belledi...

21.03.2024 22:26
13k+

Indoneziýanyň goranmak ministri Prabowo Subianto ýurduň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Indoneziýanyň goranmak ministri Prabowo Subianto ýurduň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada RIA Nowosti Indoneziýanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Prabowo Subianto...