Kazyýet Jokowiçiň arzasyny ret etdi. Türgen Awstraliýadan gaýtmaly bolar

  • 16.01.2022 17:31
  • 10534
Kazyýet Jokowiçiň arzasyny  ret etdi. Türgen Awstraliýadan gaýtmaly bolar

Dünýäniň ilkinji raketkasy Nowak Jokowiç Uly tuwalga ýaryşyna gatnaşyp bilmez. Ýakyn wagtda ol Awstraliýany terk etmeli bolar. Ýekşenbe güni kazyýet işini geçiren Awstraliýanyň Federal kazyýeti türgeniň appelýasiýasyny ret etdi. Şeýlelikde, Jokowiçiň wizasyny ýatyrmak hakynda Awstraliýanyň häkimiýetleriniň karary güýjünde galdy diýip, Euronews habar berdi.

Köp sagada çeken kazyýet seljermesiniň barşynda Jokowiçiň aklawjylary türgene ýöňkelen günäkärlemeleriň ýerliksizdigini öňe sürdi. Häkimiýete wekilçilik edýän aklawjylar bolsa, öz gezeginde, serbiýaly türgeniň ýurduň çäginde mundan beýläk bolmagynyň jemgyýetçilik tertibi we saglygy goraýşy üçin howply bolup biljekdigini öňe sürdüler. Netijede kazy häkimiýetleriň tarapynda durdy.
Kazyýetiň kararyna laýyklykda, türgen ýakynda ýurdy terk eder. Kanunçylyga laýyklykda, Jokowiç üç ýylyň dowamynda Awstraliýanyň wizasyny almak üçin arza bilen ýüz tutup bilmez.
Ýatlatsak, Jokowiç Awstraliýa koronawirusa garşy sanjymsyz geldi. Ol sanjym almazlyga rugsat berýän güwänamany görkezdi. Awstraliýanyň häkimiýetleri bolsa, türgeni wiza almakda doldurylan arzada ýalňyş maglumatlary bermekde günäkärlediler we onuň wizasyny ýatyrdylar. Soňra Melburnyň kazyýetiniň karary bilen türgeniň wizasy dikeldildi, emma häkimiýetler onuň wizasyny gaýtadan ýatyrdylar. Kazyýetiň bu günki kabul eden karary Jokowiçi onunjy gezek ýaryşyň ýeňijisi bolmak mümkinçiliginden mahrum etdi.


10.05.2024 13:59
2985

Nadal toprak üstündäki “Masters” ýaryşlarynda 200 gezek ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy

Ispaniýaly tennisçi, 22 gezek “Uly tuwulga” çempiony Rafael Nadal “Masters” ýaryşlarynda toprak üstünde geçirilen oýunlarda 200 ýeňiş gazanan ilkinji oýunçy boldy. Bu barada “Çempionat” portaly habar berýär. Ýubileý...

29.04.2024 15:47
6734

Türkmen tennisçileri Open Dushanbe Championship U14 ýaryşynda kümüş medal gazandylar

Türkmen tennisçileri Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşy 14-e çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda — «Open Dushenbe Championship U14» ýaryşyň üç görnüşinde kümüş medal gazandylar. Ýaryşa...

23.04.2024 20:10
5263

Nowak Jokowiç Laureus-dan “Ýylyň türgeni” baýragynyň eýesi boldy

Serbiýaly tennisçi, dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç “Ýylyň türgeni” nominasiýasynda sport “Oskary” hökmünde belli bolan abraýly Laureus baýragyny aldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Madridde...

16.04.2024 12:43
4113

Dünýäniň üçünji raketkasy Alkaras Barselonadaky ýaryşdan çekildi

Barselonadaky ATP-500 ýaryşynyň iki gezek çempiony ispaniýaly Karlos Alkaras şu ýyl sag elindäki şikes sebäpli ýaryşda çykyş etmez. Bu barada ATP-niň metbugat gullugy habar berdi. Mundan öň, 20 ýaşly ispaniýaly...