Türkmen tennisçileri Open Dushanbe Championship U14 ýaryşynda kümüş medal gazandylar

  • 29.04.2024 15:47
  • 7.3k+

Türkmen tennisçileri Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşy 14-e çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbäniň açyk çempionatynda — «Open Dushenbe Championship U14» ýaryşyň üç görnüşinde kümüş medal gazandylar.

Ýaryşa Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisinden, şeýle hem Belarusdan, Russiýadan we Kanadadan oglan-gyzlaryň 88-si gatnaşdy. Soňky üç ýurda bir tennisçi wekilçilik etdi.
Ikinji belgide saýlanan 13 ýaşly Emirhan Rustamow toparyna iki kümüş medal getirdi. Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy ilki ýekelikde, soňra Aşgabat şäherindäki 86-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy 12 ýaşly Süleýman Hudaýberdiýew bilen bilelikde çykyş edip şeýle üstünlik gazandy.
Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy 11 ýaşly Näzli Hudaýgulyýewa Gazagystandan Kseniýa Semýonowa bilen bilelikde çykyş edip, Türkmenistanyň toparyna ýene bir kümüş medal getirdi.
Näzli Hudaýgulyýewa Mälik Mämmetgulyýewden, Süleýman Hudaýberdiýew Aşgabadyň 11-nji toplumlaýyn sport mekdebinde Gurbanberdi Gurbanberdiýewden, Emirhan Rustamow bolsa «Aşgabat» tennis akademiýasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowdan tälim alýarlar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


şu gün 14:40
2.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

şu gün 10:24
817

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

düýn 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....