Nowak Jokowiç Laureus-dan “Ýylyň türgeni” baýragynyň eýesi boldy

  • 23.04.2024 20:10
  • 5.6k+

Serbiýaly tennisçi, dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç “Ýylyň türgeni” nominasiýasynda sport “Oskary” hökmünde belli bolan abraýly Laureus baýragyny aldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Madridde geçirildi diýip, RBK habar berýär.

Ýylyň türgeni baýragyna futbolçylar Lionel Messi (2023-nji ýylda laureat boldy) we Erling Holand, “Formula-1-iň” sürüjisi Maks Werstappen, şestli böküji Arman Dýuplantis we ylgawçy Noa Laýls hem dalaş edipdi.
Jokowiç bu baýragy eýýäm bäşinji gezek alýar, öň 2012, 2015, 2016 we 2019-njy ýyllarda aldy. Bu hasap boýunça sport karýerasyny tamamlan şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer bilen deňleşdi.
Ýylyň zenan türgeni baýragyna dünýä çempionatynda ýeňiji bolan ispaniýaly futbolçy Aýtana Bonmati mynasyp boldy.
Beýleki nominasiýalaryň ýeňijileri şulardan ybarat:

  • - “Ýylyň topary” – Ispaniýanyň futbol boýunça milli zenanlar ýygyndysy;
  • - “Ýylyň öňegidişligi” – “Realyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem;
  • - “Ýylyň gaýdyp gelmesi” – dört gezek Olimpiýa çempiony amerikaly Simona Baýlz;
  • - “Ýylyň mümkinçiligi çäkli türgeni” – gollandiýaly tennisçi Dide de Groot;
  • - “Sport ýagşylyk üçin” – Rafael Nadal gaznasy;
  • - “Ýylyň ekstremal görnüşlerde türgeni” – 14 ýaşly awstraliýaly skeýtbordçy Arisa Trýu.

Laureus baýragy 2000-nji ýyldan bäri gowşurylýar. Laureatlar Cartier-den 30 sm altyndan we kümüşden heýkel alýarlar.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......