«Baby Shark» çagalar aýdymy YouTube-da ilkinji bolup 10 milliard gezek tomaşa gazandy

«Baby Shark» çagalar aýdymy YouTube-da ilkinji bolup 10 milliard gezek tomaşa gazandy

Günorta Koreýanyň “Pinkfong” (“Gülgüne telefon”) bilim kompaniýasynyň Baby Shark Dance (“Çaga akulanyň tansy”) wideoklipi çykan gününden bäri 10 milliarddan gowrak tomaşa edilip, YouTube-da rekord goýdy. Bu barada kompaniýanyň Twitter sahypasyna salgylanyp, TASS habar berdi.

"Şu gün taryhy üstünliklerimizi belleýäris. "Baby Shark Dance" YouTube-yň taryhynda 10 milliard gezek tomaşa edilen ilkinji wideo boldy" - diýlip, habarda aýdylýar.

Bu meşhur wideoroligiň dünýäniň 11 dilinde 100-den gowrak wariasiýasy çykaryldy.  Wideoda bir oglanjyk bilen gyzjagaz çaga akula we onuň maşgalasy hakda aýdym aýdýar, şeýle hem multiplikasiýa kadrlarynyň fonunda maşk tansyny ýerine ýetirýär.

Wideo ilkinji gezek 2016-njy ýylda YouTube-da ýerleşdirildi. Birnäçe ýylyň içinde ol tomaşa edilen sany boýunça dünýä aýdym-sazynyň iň meşhur wideo kliplerinden, şol sanda Luis Fonsiniň “Despacito” aýdymynyň wideosyndan hem öňe geçmegi başardy. Mundan bir ýyl öň “Baby Shark Dance” wideosy YouTube kanalynda iň köp görülýän wideo hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna giripdi.