YouTube-daky gysga wideolar bir günde 200 milliarddan gowrak gezek görülýär

  • 21.06.2025 17:18
  • 3.6k+

YouTube-yň baş direktory Nil Mohanyň sözlerine görä, YouTube Shorts-da gysga wideolaryň ortaça günlük görülme sany 200 milliarddan geçdi. Ol bu barada «2025 Cannes Lions International Festival of Creativity» festiwalyndaky çykyşynda aýtdy diýip, «TheWrap» habar berýär.

Günlük tomaşaçy sany geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, takmynan, 186% artdy. 2024-nji ýylyň mart aýynda YouTube Shorts-daky wideolaryň ortaça günlük görülme sany 70 milliarddy. Belläp geçsek, gysga wideolar platformada ilkinji gezek 2021-nji ýylda peýda bolupdy.
Şeýle hem Mohan tomaşaçylaryň her gün telewizor arkaly YouTube-dan 1 milliard sagatdan köp wideo mazmuna tomaşa edýändigini aýtdy. Bu görkezijiler haýran galdyryjy, ýöne geň däl, sebäbi maý aýynda YouTube dört aý yzly-yzyna Nielsen-iň «The Gauge» atly hasabatynda birinji orny eýeläpdi. Bu YouTube-yň ähli striming hyzmatlarynyň we telekanallaryň arasynda iň köp tomaşa edilýän platforma öwrülendigini aňladýar. Şu aý telewizorda tomaşa edilen ähli mazmunyň 12,5%-i YouTube-a degişli bolup, bu ähli platformalaryň arasyndaky iň uly görkezijidir.
Nil Mohan şeýle-de şu tomusda YouTube-da Veo 3-üň peýda boljakdygyny mälim etdi. Veo – bu Google DeepMind tarapyndan işlenip düzülen wideo generasiýa modeli. Ol ulanyjylara emeli aň arkaly Shorts üçin fonlary we wideolary döretmäge mümkinçilik berýär.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......