Zidan iýun aýynda «PSŽ-niň» tälimçiligine bellenip biler

  • 08.01.2022 18:57
  • 7.1k+

Madridiň «Realynyň» öňki tälimçisi Zinedin Zidan 2022-nji ýylyň tomsunda «PSŽ-niň» tälimçiligine bellenip biler. Bu barada RMC Sport neşirine salgylanyp, sports.ru habar berýär.

Has takygy, Zidanyň parižlileriň başyna geçip biljekdigi baradaky maglumaty RMC Sport-yň žurnalisti Daniel Riolo mälim etdi. Ýeri gelende bellesek, ol Lionel Messiniň «PSŽ-ä» geçjekdigini hem öňünden aýdypdy.

"Siz näme isleýärsiňiz? Zidanyň «PSŽ-niň» ýolbaşçysy bolandygyny yglan etmegimimi? Ýeri, oglanlar... Ir bolanda - iýun. 2022-nji ýylyň iýuny. Zidanyň «PSŽ-de» Mbappe bilen işleşmegi-de ähtimal"-diýip, Riola ýazýar.

Zidanyň «PSŽ-ä» geçjekdigi entek belli däl, ýöne bu gürrüň klubda ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýar. Sebäbi «PSŽ-de» häzirki tälimçi Maurisio Poçettinonyň ýagdaýy durnuksyz bolmagynda galýar.
Mundan başga-da, häzirki wagtda Fransiýanyň milli ýygyndysyna tälimçilik edýän Didýe Deşamyň topara ýolbaşçylyk etmek isleýändigi bellenilýär.


şu gün 12:16
753

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

şu gün 00:10
6k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....

düýn 15:01
5k+

Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finallarynyň netijeleri belli boldy

17-nji aprele geçilýän gije çärýek final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça Ýewropa Ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň ähli ýarym finalçylary belli boldy....

16.04.2026 09:31
7.9k+

Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler

«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar....