Apple amerikan kompaniýasy özüniň wideostriming hyzmaty Apple TV+ üçin “Formula-1-iň” ýaryşyjysy hakynda çeper filmiň üstünde işläp başlady. Bu barada “Deadline” internet žurnaly habar berýär. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.
Taslamanyň režissýory “Tagt: Miras”, “Obliwion” we “Top Gan: Mewerik” filmlerini dörediji Jozef Kosinski bolar. Ssenariýany “Transformerler” seriýasynyň filmleriniň üstünde işlemek bilen meşhur bolan Eren Krýuger ýazar.
Filmde baş keşpleriň birini Bred Pitt oýnar. Ol “Formula-1-den” gidip, toparyndaky ýaş ýoldaşy üçin halypa bolýan tejribeli ýaryşyjynyň keşbini ýerine ýetirer. Taslamanyň býujeti barada maglumatlar berilmeýär. “Deadline-iň” maglumatlary boýunça, film üçin çykdajylar 130 mln dollardan 140 mln dollara çenli bolar.
Apple TV+ hyzmaty 2019-njy ýylyň noýabr aýynda işe girizildi. Soňrak Apple kompaniýasy özüniň striming hyzmaty üçin özboluşly mazmunlary öndürmek barada birnäçe prodýuser we režissýor bilen şertnama baglaşdy.
Kupertinoly kompaniýanyň striming hyzmaty tiz wagtdan Denzel Waşington bilen “Makbetiň tragediýasy” filmini çykarar. Onuň premýerasy 14-nji ýanwara meýilleşdirilýär.