Gazagystanda «Google-a salgyt» güýje girdi

  • 02.01.2022 14:11
  • 5842
Gazagystanda «Google-a salgyt» güýje girdi

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Gazagystanyň Salgyt kodeksine «Google-a salgyt girizmekligi» göz öňünde tutýan üýtgetmeler girizildi. Bu barada Interfaks agentligi ýurduň Milli ykdysadyýet ministrligine salgylanyp habar berdi.

Indiden beýläk, hyzmatlaryny we harytlaryny onlaýn-platformalaryň üsti bilen amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalarynyň ählisi Gazagystanyň býujetine GBS (goşulan baha üsti salgydy) tölemeli bolarlar. Bu kompaniýalardan satylan harytlaryň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň bahasyndan 12%-i alnar.
Ýerli salgyt töleýjilere bu degişli bolmaz.

Ministrlikde çaklamalaryna görä, bu GBS salgydyndan býujete geljek pul serişdeleri ýylda 2 milliard teňňä barabar bolar.
Şol bir wagtda kompaniýalara salgyt hasabyna durmak zerur bolmaz. Rejelenen tertibe görä, olar salgyt edaralaryna hat ibermeli we GBS-i tölemäge taýýarlygy barada habarly etmeli.
Dolandyryş daşary ýurt internet kompaniýalarynyň Merchant ID/MID-iň üsti bilen geçiren pul möçberleri hakynda banklaryň maglumatlarynyň esasynda amala aşyrylar.

Merchant ID — bu banklaryň degişli tölegleri we pul geçirimlerini hasaba aljak daşary ýurt internet-kompaniýalary tarapyndan hödürlenilýän rekwizitleriň bir görnüşidir.


29.04.2024 14:39
8595

Aşgabat, Kabul we Astana ulag we üstaşyr çykdajylary azaltmak meselesini maslahatlaşdylar

26-njy aprelde Owganystanyň Kabul şäherinde Owganystanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistana Ministrler...

05.04.2024 15:26
11000

Bakuda hazarýaka döwletleriniň Baş prokuraturalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

4-nji aprelde Bakuda hazarýaka döwletleriniň Baş prokuraturalarynyň wekilleriniň bäştaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşyk "Hazar deňziniň akwatoriýasynda ekologiýa wehimleri we hukuk bozulmalar: deňiz gurşawyny...

30.03.2024 17:37
3834

Türkmenistanyň ilçisi Gazagystanyň parlament dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

29-njy martda Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň ilçisini Türkmen-gazak parlament dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy...

16.03.2024 22:42
9077

Gazagystanyň prezidenti ýurduň gerbini üýtgetmegi teklip etdi

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň gerbini üýtgetmegi teklip etdi diýip, Orda.kz habar berýär. Respublikanyň baştutany döwlet baýdagyny “stil taýdan birkemsiz” diýip atlandyrdy, ýurduň gimni bolsa...