Gazagystanda «Google-a salgyt» güýje girdi

  • 02.01.2022 14:11
  • 6.1k+

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Gazagystanyň Salgyt kodeksine «Google-a salgyt girizmekligi» göz öňünde tutýan üýtgetmeler girizildi. Bu barada Interfaks agentligi ýurduň Milli ykdysadyýet ministrligine salgylanyp habar berdi.

Indiden beýläk, hyzmatlaryny we harytlaryny onlaýn-platformalaryň üsti bilen amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalarynyň ählisi Gazagystanyň býujetine GBS (goşulan baha üsti salgydy) tölemeli bolarlar. Bu kompaniýalardan satylan harytlaryň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň bahasyndan 12%-i alnar.
Ýerli salgyt töleýjilere bu degişli bolmaz.

Ministrlikde çaklamalaryna görä, bu GBS salgydyndan býujete geljek pul serişdeleri ýylda 2 milliard teňňä barabar bolar.
Şol bir wagtda kompaniýalara salgyt hasabyna durmak zerur bolmaz. Rejelenen tertibe görä, olar salgyt edaralaryna hat ibermeli we GBS-i tölemäge taýýarlygy barada habarly etmeli.
Dolandyryş daşary ýurt internet kompaniýalarynyň Merchant ID/MID-iň üsti bilen geçiren pul möçberleri hakynda banklaryň maglumatlarynyň esasynda amala aşyrylar.

Merchant ID — bu banklaryň degişli tölegleri we pul geçirimlerini hasaba aljak daşary ýurt internet-kompaniýalary tarapyndan hödürlenilýän rekwizitleriň bir görnüşidir.


şu gün 01:02
2.9k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

14.05.2026 18:54
5.9k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

06.05.2026 09:48
5.4k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......