Serdar Berdimuhamedow Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny açdy

  • 08.05.2024 12:36
  • 28k+

Şu gün, 8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny açdy diýip, TDH habar berýär. 

2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde şunuň ýaly kärhanalaryň iň irileriniň biri bolup durýar. 
Senagat toplumynyň ikinji tapgyry Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik-Bina» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. 
Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we dünýäniň sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän Germaniýanyň «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.


Täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa uly isleg bildirilýän ýokary hilli sementiň PS-400, PS-500, PS-600 görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge mümkinçilik berýär. 
Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologiýa taýdan arassalygyna we ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Çünki daşky gurşawyň goraglylygy ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda aýrylmaz şertleriň biri bolup durýar. 
Ýaňy-ýakynda, ýagny şu ýylyň mart aýynda Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......