Aşgabat, Kabul we Astana ulag we üstaşyr çykdajylary azaltmak meselesini maslahatlaşdylar

  • 29.04.2024 14:39
  • 9.2k+

26-njy aprelde Owganystanyň Kabul şäherinde Owganystanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew, owgan tarapyna senagat we söwda ministri Nuriddin Azizi we gazak tarapyna Premýer-ministriň orunbasary Serik Žumangarin wekilçilik etdi.
Duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygy barada  pikir alşyldy. Gün tertibine görä, 3 ýurduň çäklerinde üstaşyr we ulag çykdajylaryny azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça bilelikdäki tehniki topary döretmek babatda ylalaşyk gazanyldy.
Şeýle hem taraplar 3 ýurduň wekiliýeti Owganystanda ulag we üstaşyr infrastrukturany bilelikde ösdürmek babatda ylalaşdylar. Munuň üçin Hytaýdan konteýner otlularynyň Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana, şol ýerden hem Pakistan, Hindistan we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna ibermek üçin amatly şertleri döretmek göz öňünde tutuldy.
Deslapky hasaplamalara görä, Hytaýyň Sian-Urumçi sebitinden Owganystanyň Turgundi we Andhoý sebitine çenli ýükleriň daşalmagy çaltlandyrylan ugurda 10-12 günde ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.


düýn 19:38
3.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......