115 ýyl mundan ozal gark bolan “nälet siňen” gämi tapyldy

  • 06.05.2024 11:41
  • 25k+

Gözlegçiler topary 1909-njy ýylda suwuň düýbüne giden “nälet siňen” gämini tapdylar. Bu barada LADBible habar berýär.

1909-njy ýylyň maý aýynda “Adella Şors” gämisi ABŞ-nyň Uaýtfiş burnundan ugrady, ýöne ekipaž ahyrky nokada baryp bilmedi. Gämi tupana düşüp, Superior kölüniň düýbüne gitdi, ýöne şol wagt onuň döwük bölekleri tapylmady. Mundan başga-da, gämi bu ýagdaýdan öňem iki gezek gark bolup, gaýtadan dikeldilipdi. Şol sebäpli ol “nälet siňen” belligini aldy.
115 ýyldan soň “Adella Şors” gämi heläkçilikleriniň taryhy jemgyýetiniň agzalary tarapyndan tapyldy. Hünärmenler döwrebap gidroakustik enjamy ulanyp, onuň kömegi bilen kölüň düýbüni gözden geçirdiler we gäminiň döwük böleklerini tapdylar.
“Adella Şors” gämisi 1894-nji ýylda guruldy. Ol Shores Lubmer Company-a degişli bolup, kompaniýanyň eýesiniň gyzy Adellanyň hormatyna atlandyryldy. Gäminiň uzynlygy, takmynan, 60 metre we agramy 735 tonna barabar.


düýn 12:00
3.7k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......