Meşhur futbolçy Braziliýada 100-e golaý adamy suw joşmasyndan halas etdi

  • 09.05.2024 15:31
  • 32k+

Madridiň “Atletikosynyň”, “Çelsiniň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy Diego Kosta dostlary bilen bilelikde Braziliýanyň Riu-Grandi-du-Sul ştatynyň çäklerinde bolup geçen suw joşmasyndan 100-e golaý adamy halas etmäge kömek etdi. Bu barada Cadena SER habar berýär.

Futbolçy türgenleşikden soň öýüne gelýärkä, kömek soran adamlar toparyna duşýar. Ol öz gidrosiklini zyýan çekenleriň ygtyýaryna berýär hem-de degişli suw ulaglary bolan dört dostuny çagyrýar. Netijede, olar suw basan ýerlerden 100-e golaý adamy çykarmaga kömek edýärler.
Ýatlap geçsek, häzir 35 ýaşly Diego Kosta Braziliýada “Gremio” üçin oýnaýar.
Braziliýanyň günortasyndaky suw joşmalarynyň netijesinde azyndan 67 adam ýogaldy, ýene 101 adam dereksiz ýitdi. Riu-Grandi-du-Sul ştatynyň häkimiýetleriniň hasaplamalaryna görä, 69 müň adam öýünden mahrum boldy, azyndan 13 müň adam wagtlaýyn ýaşaýyş punktlarynda bolýar. 


27.06.2026 20:17
6.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......