Ýaponiýanyň Tokara adalarynda 3 hepdäniň içinde 2000-den gowrak ýertitremesi bolup geçdi

  • 16.07.2025 12:42
  • 8.6k+

Ýaponiýanyň uzakdaky Tokara adalarynda soňky üç hepdäniň dowamynda 2000-den gowrak ýertitremeleri bolup geçdi. Käbir ýer yranmalarynyň magnitudasy 5 baldan geçdi. Bu barada Ýaponiýanyň Meteorologiýa guramasy habar berdi.

Seýsmiki işjeňlik Akusekidzima we Kodakaradzima adalarynda 21-nji iýundan bäri dowam edýär. Şuňa meňzeş ýertitremeler tapgyry 2021-nji we 2023-nji ýyllarda hem hasaba alnypdy, emma häzirkiler has ýygylygy we güýçlüdigi bilen tapawutlanýar.
Pidalar ýa-da weýrançylyklar barada habar ýok. Seýsmologlaryň baha bermegine görä, bu ýer litosfera plitalarynyň çatrygynda ýerleşýär we ýokary seýsmiki işjeňligi hem şonuň bilen düşündirilýär.
Tokara arhipelagynda takmynan 650 adam ýaşaýar. Kiçeňräk obalaryň ýaşaýjylarynyň bir bölegi meýletin esasda Ýaponiýanyň esasy yklymyna göçürildi.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....