Alymlar 75 000 ýyl mundan ozal ýaşan neandertal aýalyň ýüz keşbini dikeltdiler

  • 05.05.2024 16:53
  • 26k+

Britaniýaly arheologlar, takmynan, 75 000 ýyl ozal ýaşan neandertal aýalyň dikeldilen ýüz keşbini hödürlediler. Bu barada Bi-Bi-Si habar berýär.

Şanidar Z adyny alan aýalyň galyndylary 2018-nji ýylda Yrak Kürdüstanyndaky Şanidar gowagynda tapyldy. 200 bölege bölünen kelle süňküniň gowşaklygy sebäpli ýüz keşbiniň dikeldilmegi alymlar üçin hakyky kynçylyk boldy.
3D tehnologiýalarynyň we paleoantropologlaryň yhlasly işiniň kömegi bilen Şanidar Z-niň ýüzüni “janlandyrmak” başartdy. Gözlegiň netijesi Netflix-de görkeziljek “Neandertallaryň syrlary” dokumental filminde görkeziler.

Şanidar Z 40-50 ýaşynda aradan çykypdyr we bu şol döwrüň ölçegine görä uly ýaş hasaplanýar. Ol gowakda jaýlanypdyr, şondan soň daş gaýdyşy bolan bolmaly, netijede merhumyň kelle süňki iki santimetr galyňlyga çenli ýemşerilipdir we ownuk böleklere bölünipdir.
Kynçylyklara garamazdan, alymlara diňe bir Şanidar Z-niň ýüz keşbini gaýtadan dikeltmek däl, eýsem neandertallaryň durmuşy barada gymmatly maglumatlary almak başartdy. Gözleg bizden has öň ýaşan bu adamlaryň çylşyrymly sosial başarnyklara eýe bolandyklaryny we hatda jaýlamak däplerini hem ulanandyklaryny görkezdi. 


düýn 23:37
2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......