Bakuda hazarýaka döwletleriniň Baş prokuraturalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

  • 05.04.2024 15:26
  • 11k+

4-nji aprelde Bakuda hazarýaka döwletleriniň Baş prokuraturalarynyň wekilleriniň bäştaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşyk "Hazar deňziniň akwatoriýasynda ekologiýa wehimleri we hukuk bozulmalar: deňiz gurşawyny goramakda prokuratura edaralarynyň strategiýasy" mowzugyna bagyşlandy diýip, "Azertag" agentligi habar berýär.

Türkmenistandan duşuşykda baş prokuroryň orunbasary Rahym Ataýew we Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow wekilçilik etdi.
Bäştaraplaýyn duşuşygyň barşynda çykyş eden Azerbaýjanyň ekologiýa we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary Umaýra Tagiýewa şu ýylda Bakuda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwalaýyn konwensiýasynyň 29-njy maslahatynda (COP 29) azerbaýjan tarapynyň Hazar başlangyjyny öňe sürmek isleýändigini habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu başlangyç diňe bir umumymilli we sebit derejesinde däl, eýsem, howanyň üýtgemegine ählumumy uýgunlaşmak maksatnamalarynyň çäklerinde hem deňiz meselelerini çözmäge ýardam eder.
Çäreleriň çäklerinde Rahym Ataýew Azerbaýjanyň baş prokurory Kamran Aliýew bilen gepleşikleri geçirdi.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......