Mary welaýatynda täze awtobuslaryň gatnawlary ýola goýuldy

  • 09.05.2024 13:26
  • 30k+

Mary şäheriniň içinde we Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýakynynda ýerleşýän ilatly nokatlarda hem-de etrap merkezleri bilen birleşdirýän onlarça täze ugurlarda Ýaponiýada öndürilen häzirki zaman «HIACE» we «COASTER» kysymly awtobuslaryň gatnawlary ýola goýuldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Täze amatly awtobuslaryň işe girizilmegi netijesinde ýolagçylaryň wagtlary ep-esli tygşytlanar.
Mundan başga-da, ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sowgat berlen awtobuslar Ýolöten, Tagtabazar we Baýramaly etraplarynyň täze ugurlary boýunça hem gatnaýarlar.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......