Sportskeeda Messiniň 2021-nji ýylda goýan rekordlarynyň sanawy düzdi

  • 28.12.2021 19:41
  • 12k+

Sportskeeda portaly Lionel Messiniň 2021-nji ýylda goýan rekordlarynyň sanawyny düzdi. Bu barada news.sportbox.ru habar berdi.

  • Iýun aýynyň ahyrynda Messi oýnalan oýunlaryň sany boýunça Argentinanyň milli ýygyndysynyň rekordyny goýdy. Häzirki wagta çenli ol milli ýygyndynyň düzüminde jemi 158 oýun oýnady.
  • Messi ýedi gezek "Altyn top" baýragyny alan ilkinji futbolçy boldy. Bu ýyl ol baýrak almak ugrundaky ses berişlikde Robert Lewandowskiden we Žoržinýodan öňe geçdi.
  • Messi Günorta Amerikanyň milli ýygyndy toparlarynyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. Ol Dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda Boliwiýa garşy duşuşykda Argentinanyň düzüminde üç gol geçirip, het-trik etdi we Braziliýanyň meşhur hüjümçisi Peleden öňe geçdi. Messiniň häzirki wagtda milli ýygyndynyň düzüminde 80 goly bar.
  • Bu ýyl Messi bir ligada iň köp gol geçiren oýunçy boldy. Pele Braziliýanyň A Seriýasynda 469 gol geçiripdi, 2021-nji ýylda Messi 2005-nji we 2021-nji ýyllar aralygynda La Ligada "Barselona" üçin 474 gol geçirip, Peleniň görkezijisinden öňe geçdi.
  • Messi üç aýry onýyllykda “Altyn topy” gazanan ilkinji futbolçy boldy. Messi 2009-njy ýylda 22 ýaşynda - ilkinji, 2021-nji ýylda bolsa 34 ýaşynda ýedinji “Altyn topuny” aldy. Şeýlelik bilen, ol 2000-nji, 2010-njy we 2020-nji onýyllyklarda bu baýraga mynasyp boldy.

şu gün 13:41
5.9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
5.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....