Bosgunlar üçin ÝB-niň has isleg bildirilýän ýurdy belli boldy

  • 28.12.2021 19:35
  • 7.6k+

COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine öňküsine garanyňda az bosgun barandan soň, indi migrantlaryň sany ýene-de artýar. Aýratynam, migrantlaryň köpüsi Germaniýa gitmek isleýär. 

REN-TW-e salgylanyp, Day.Az-yň bellemegine görä, bosgun statusy üçin Ýewropanyň hut şu ýurduna arzalar köp gelip gowuşýar diýip, Das Erste nemes teleýaýlymy habar berýär. 
Germaniýanyň KHBS-i ÝB-niň statistika edarasyna salgylanyp, 2021-nji ýylyň ilkinji 9 aýynda Ýewropa Bileleşiginde bosgun statusy üçin ilkinji gezek tabşyrylan tas 356 müň arzanyň hasaba alnandygyny tassyklaýar. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, GFR-de ýanwar aýyndan sentýabr aýyna çenli ýüz tutmalaryň sany birbada 33% artyp, 100 müňden geçdi. 
Şeýlelik bilen, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Germaniýa ÝB-e bosgun statusyny almak üçin berlen arzalaryň 28,4%-i degişli boldy. Bu ÝB-niň islendik ýurduna garanyňda köpdür diýip, “Das Erste” ýazýar. 2020-nji ýylyň degişli döwründe Germaniýada bu görkeziji 24,3% boldy.
Bosgunlar üçin isleg bildirilýän ýurtlaryň hatarynda Fransiýa (ÝB-e tabşyrylan arzalaryň 20%-i), 11% bilen Ispaniýa we 8% bilen Italiýa hem bar.


16.03.2026 19:40
6k+

ÝB ýurtlarynda çaga dogluşy soňky 60 ýylda iň pes derejä düşdi

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda 2024-nji ýylda çaga dogluşynyň umumy koeffisienti her aýal üçin 1,34 çaga deň boldy — bu soňky alty onýyllygyň içinde iň pes görkezijidir. Deňeşdirmek üçin, 1964-nji ýylda bu görkeziji 2,62-ä deňdi...

18.02.2026 15:05
3.7k+

Ýewropa Bileleşiginiň ilaty garramagyny dowam edýär: ortaça ýaş tas 45 ýyl

Eurostat statistika gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýagdaýa görä, Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ilatynyň ortaça ýaşy 44,9 ýyla deň boldy. Soňky on ýylyň dowamynda ÝB-niň ýaşaýjylarynyň ortaça ýaşy iki ýyldan gowrak ýokarlandy: 2015-nji ýylda bu görkeziji 42,8 ýyl derejesindedi...

22.12.2025 16:40
4.8k+

Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi

20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylky Täze ýyl kitap sergisini geçirdi. Sergi eýýäm üçünji ýyl yzygiderli guraldy. Çäre Wekilhananyň meýdançasynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitap, medeniýet, ekologiýa aňy we baýramçylyk ruhy bilen gurşap aldy...

23.11.2025 21:10
1.3k+

Germaniýada Bahyň ozal näbelli iki kompozisiýasy ýerine ýetirildi

Germaniýaly sazşynas 30 ýyl mundan ozal tapylan iki organ kompozisiýasynyň Iogann Sebastýan Baha (1685 – 1750) degişlidigini anyklady. Bu barada MDR teleradiokompaniýasy habar berdi. 1992-nji ýylda sazşynas Peter Wollni Brýusseliň Patyşalyk kitaphanasynda işleýän wagty “Çakona re minor” we “Çakona sol minor” aýdym-saz eserleri bilen XVII asyryň iki golýazmasyny tapdy...