Pakistanyň Prezidenti Raşid Meredowy kabul etdi

  • 21.12.2021 08:27
  • 8.3k+

20-nji dekabrda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. 

Bellenilişi ýaly, geljek ýyl Türkmenistan we Pakistan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda geçen döwrüň içinde döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilendigi, giňeldilendigi we täze görnüşler hem-de mazmun bilen baýlaşdyrylandygy nygtaldy. 

Taraplar energetika pudagyndaky özara hereketleriň starategik binýat bolup çykyş edýän netijeli türkmen-pakistan ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýärler. Şunda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyna aýratyn üns berildi. 


düýn 21:40
2.1k+

Türkmen diplomatlaryna Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşuryldy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň...

düýn 13:21
9.6k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi...

düýn 13:04
9.4k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlap täze kitabyny ýazyp tamamlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi...

düýn 12:56
8.3k+

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 231 raýatyň günäsi geçildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. 6-njy dekabrda geçirilen...