“Soýuz MS-20” gämisi kosmonawt we iki ýaponiýaly syýahatçy bilen Gazagystana gondy

  • 20.12.2021 23:48
  • 7.9k+

Bortunda Roskosmosyň kosmonawty Aleksandr Misurkin, ýaponiýaly milliarder Ýusaku Maedzawa we onuň biznes kömekçisi Ýodzo Hirano bolan “Soýuz MS-20” gämisiniň aşak düşürilýän enjamy Gazagystan sährasyna gondy. Bu barada Uçuşlary dolandyryş merkezinden TASS-yň habarçysy habar berýär.

Roskosmosyň baş müdiri Dmitriý Rogozin hem özüniň Telegram kanalynda An-26 ekipažynyň gonuşy tassyklandygyny ýazdy. “An-26 ekipažy ekipažly dolandyrylýan gäminiň aşak düşürilýän enjamynyň gonandygyny tassyklady. Ýere gaýdyp gelmegiň bilen, gadyrly Aleksandr” – diýip, ol ýazdy. 

Halasgärler ekipažyň agzalaryna çykmaga kömek etmek üçin aşak düşürilýän enjama tarap ugradylar. Misurkin, Maedzawa we Hirano 8-nji dekabrdan bäri orbitada bolupdylar.

Borty Misurkin, Maedzawa we Hirano bilen “Soýuz MS-20” gämisi 8-nji dekabrda Baýkonur kosmodromyndan uçuryldy. HKS-e çenli uçuş dört aýlawly shema boýunça amala aşyryldy. Birleşme awtomatik usulda boldy.

Şol gün HKS-niň bortunda korrespondensiýa punkty işläp başlady, ony döretmek baradaky ähtnama 17-nji noýabrda TASS bilen Roskosmosyň arasynda gol çekildi. Orbitada TASS-yň ilkinji habarçysy Russiýanyň Gahrymany kosmonawt Aleksandr Misurkin boldy. Ol stansiýadaky durmuş we iş hakynda gürrüň berdi, tejribeleriň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy. Agentligiň informasion çeşmelerinde onuň habarlaryny okap, suratlary we wideolary görmek bolýar. 


20.11.2025 11:22
7.5k+

Russiýada ýaşy 385 million ýyllyk agaç tapyldy

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbGU) paleontologlary Leningrad oblastynyň Lužskiý raýonynda ýerleşýän Şalowo-Pereçiskiý çäge karýerinde dewon döwründen galan seýrek tapyndynyň — gadymy agaç sütüniň üstünden bardylar...

10.11.2025 11:29
12k+

Russiýada 6 million ýyl öň ýaşap geçen äpet aýynyň galyndylary tapyldy

Russiýaly alymlar häzirki Russiýanyň günbatary bilen serhetdeş sebitlere hem golaý ýerleşýän Stawropol ülkesinden 5–6 million ýyl öň ýaşan äpet aýynyň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Paleontologiýa institutynyň direktory Alekseý Lopatin habar berdi...

04.11.2025 15:19
5.5k+

Türkmenistandan iki ýaş zehin Gazagystanda geçirilen halkara sungat festiwalynda ýeňiji boldy

Türkmenistandan iki wekil Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen “THE PLANET OF ART – 2025” Halkara ýaşlar sungat festiwalynyň ýeňijileri boldular.  Ylham Orazmämmedow instrumental ugur boýunça, Aýşat Rejepowa bolsa horeografiýa ugrunda ýeňiş gazandy...

02.11.2025 20:34
9.3k+

Oleg Kononenko Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirer

Russiýanyň «Roskosmos» döwlet korporasiýasy tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenkonyň Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellenendigini habar berdi...