Maýk Taýson boks söweşinde bloger Jeýk Poldan ýeňildi

  • 16.11.2024 16:34
  • 24k+

Amerikaly bloger Jeýk Pol boks söweşinde bu ugurda öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýsondan üstün çykdy. Söweş 16-njy noýabra geçilen gije Arlingtonda (Tehas ştaty, ABŞ) geçirildi we 8 raund dowam etdi. Pol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde 79-73 hasabynda ýeňiş gazandy.

Söweş resmi diýlip hasaplanyldy, onuň netijesi boksçylaryň statistikasyna goşular. Şol bir wagtyň özünde, adaty söweşlere mahsus bolan käbir düzgünler sähel üýtgedildi: raundlar 3 minut däl-de, 2 minut dowam etdi, ellikler bolsa 10 unsiýa däl-de, 14 unsiýa boldy.
Bu ýeňiş 27 ýaşly Pol üçin professional ringde 11-nji boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda bir ýeňliş bar.
58 ýaşly Taýson üçin bu ýeňliş karýerasynda ýedinji boldy. Onuň hasabynda 50 ýeňiş bolup, şolardan 44-üsi nokaut arkaly gazanyldy.
CNBC-niň maglumatlaryna görä, söweş üçin professional boksuň taryhynda 17,8 mln dollarlyk rekord möçberde petek satyldy. Söweş 70 müňden gowrak tomaşaçyny özüne çekdi.
Bu söweş üçin Pol 40 mln dollar, Taýson 20 mln dollar alar.


15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....