Ýaponiýaly adam karar bermekden ýadap, 15 ýyl bäri şol bir zady iýip, birmeňzeş eşikleri geýýär

  • 21.11.2024 10:43
  • 15k+

"Ertir näme iýmeli?", "Ertir näme geýmeli?"...
Ýaponiýaly Go Kita 23 ýaşyndan bäri ertirligine ramen we hoz, günortanlygyna towuk etini we agşamlygyna ýaşyl noýba bilen gowrulan doňuz etini iýýär. Eýýäm 15 ýyl bäri dowam edip gelýän bu gün tertibini ol her gün karar bermek zerurlygyndan dynmak isländigi bilen düşündirýär. Bu barada South China Morning Post habar berýär.

Kita 15 ýyl mundan ozal täze işe ýerleşýär. Şonda ol işiň we gündelik durmuşyň gereginden artyk çözgüt kabul etmäge mejbur edýändigine düşünýär. Şondan soň ol 7 ýyllap berk gün tertibini berjaý eden beýsbolçy Içiro Suzukiniň göreldesine eýerip başlaýar.
Kita ýetmeýän ýokumly maddalary almak üçin, iýmit goşundylaryny yzygiderli kabul edýär. Şeýle-de, ol birmeňzeş stildäki köýnekleri we balaklary geýýär. Onuň garderobynda birnäçe meňzeş jübüt joraplar we geýimler bar. Ol özüniň gündelik işlerini takyk kesgitlenen tertip boýunça ýerine ýetirýär.
Kita häzirkizaman dünýäsinde maglumatlaryň aşa köp şertlerinde adamyň her gün 35 müňe çenli çözgüt kabul edip bilýändigini, munuň bolsa ýadawlyga getirip bilýändigini belleýär. Şeýle ýagdaý adamyň ýagdaýa oýlanyşykly baha bermek ukybyna täsir edip, prostaksinasiýa (işleriň gijikdirilmegi ýa-da soňa goýulmagy) we irrasional özüni alyp barşyna sebäp bolup biler.


18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......