Mekdep partasyndan aşhana: Hindistanda öňki mugallym ýurduň iň baý ýutuber zenany boldy

  • 16.11.2024 20:29
  • 15k+

Uttar-Pradeş ştatyndan (Hindistan) öňki mugallym, 65 ýaşly Nişa Madhulika Hindistanyň iň baý ýutuber zenany boldy. The Economic Times neşiri onuň baýlygynyň 430 million rupiýa (takmynan 5 million dollar) bolandygyny çaklaýar.

Madhulika 2007-nji ýylda aşpezlik boýunça blog ýöredip başlady. Ol, çagalary gidensoň, ýalňyzlygyny şeýdip ýeňip geçmek isledi. Hindi dilinde hindi aşhanasynyň wegetarian tagamlarynyň taýýarlanyş usuly barada gürrüň berdi.

“Men ýeke galanymdan soň, nahar bişirmekden teselli tapdym. Bu hobbi meniň durmuşymy üýtgetdi" – diýip, bloger gürrüň berýär. Onuň ýönekeý, ädimme-ädim düşündirýän tagam taýýarlaýyş usullary tiz meşhurlyk gazandy.

2011-nji ýylda Madhulika öz blogynda ýüzden gowrak resept toplap, YouTube-da aşpezlik kanalyny açdy we ähli ünsüni şoňa jemledi. Şonuň hatyrasyna  mugallymçylyk işini hem taşlady.
2017-nji ýylda platformadaky iň oňat aşpezlik mazmuny üçin baýrak aldy we täze dörän awtorlary goldaýan YouTube #SeeSomethingNew kampaniýasynyň ýüzi boldy.
Häzirki wagtda Madhulikanyň YouTube-da 14,5 million abunaçysy we Facebook -da bolsa 5,6 million abunaçysy bar. The Economic Times neşiri ony “Hindistanyň  YouTube-daky ýyldyzlarynyň ilkinji onlugyna” goşdy.
Ulanyjylar abunaçylaryna bolan mähirli garaýşy üçin, köplenç, oňa “eje” diýip ýüzlenýärler. Madhulika uly meşhurlyga eýedigine garamazdan, her teswire hut özi jogap bermäge synanyşýar.
Aşpezlikden başga-da, ol Hindistanyň obalarynda internetiň elýeterli bolmagyny üpjün etmeklige gönükdirilen Tata Trusts' Project Druv taslamasyna goldaw bermek bilen, haýyr-sahawat işine hem gatnaşýar.


18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....